logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Sports /Aşgabatda taekwondo boýunça ýylyň jemleýji çempionaty geçirildi
  27.12.2023
1012
Aşgabatda taekwondo boýunça ýylyň jemleýji çempionaty geçirildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 23 – 24-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň taekwondo görnüşi boýunça ýylyň jemleýji çempionaty üstünlikli geçirildi. Bu çempionata Mary şaheriniň 7-nji sport mekdebinden 14 sany türgen gatnaşdy we baýrakly orunlara mynasyp boldylar.

 

Sportuň taekwondo görnüşi boýunça ýylyň jemleýji çempionatynda 2009 – 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinden:

Pälwan Gylyçnyýazow 61 kilogram agramda 1-nji orna,

Baky Ýusubow 48 kilogram agramda 1-nji orna,

Salyh Kakajanow 45 kilogram agramda 2-nji orna,

Oraz Meretgulyýew 41 kilogram agramda 2-nji orna,

Baýramguly Hudaýgulyýew 39 kilogram agramda 2-nji orna,

Mekan Kakageldiýew 37 kilogram agramda 2-nji orna mynasyp boldy.

 

Netijede, Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinden gatnaşan 14 türgeniň 2 sanysy birinji orny, 4 sanysy ikinji orny, 8 sanysy bolsa üçünji orny eýelemegi başardy.

 

Kaýumberdi Annadurdyýew,
Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy.