logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Arkadagly Serdarymyz Gahryman
  26.09.2023
2785
Arkadagly Serdarymyz Gahryman

Watan şöhratyny arşa göteren,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.
Täze Galkynyşdan bagta ýetiren,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.

 

 

Gahryman Siz,
               Gahryman Siz,
                                  Gahryman,

 

 

Muny Size il söýleýär Mähriban,
Bütin halkyň belent ykrary bilen,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.

 

 

Bagtyýar ýaşlaryň baky buýsanjy,
Berkarar döwletiň dünýä söýünji,
Täze Galkynyşly döwrüň guwanjy,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.

 

 

Halkyň maslahaty – halkyň ykbaly,
Beýik özgerişler Watan ykrary,
Külli türkmenleriň dana Dikrary,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.

 

 

Milli Lider, Gahrymanym Arkadag,
Dowamatyň bilen il-gün bagtyýar,
Täze Galkynyşly günler bagta ýar,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.

 

 

Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap geňeşiniň işgäri.