Ahal province
logo

Latest news:
✦ «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Zenanlar - durmuşyň gözelligi ✦ ✦ 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! ✦ ✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦
Home / Nature /Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň ýüze çykmagynyň sebäpleri
  04.12.2023
800
Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň ýüze çykmagynyň sebäpleri

Adamyň tebigy gurşawa edýän täsiriniň artmagy netijesinde Aralyň guramagy, şonuň ýaly-da Amyderýa we Syrderýa zeýakaba-zeýkeş suwlarynyň akdyrylmagy sebäpli tebigy gurşawa tehniki serişdeleriň agram salmagy tebigy deňagramlylygyň bozulmagyna we ekologiýa taýdan betbagtçylykly zolagyň döremegine getirdi. Aral deňzi Ýewraziýa materiginiň merkezinde, dünýä ummanyndan has daşda, ýagny kontinental sebitde ýerleşýän ýapyk suw aýtymy bolup, ol geçen asyryň 60-njy ýyllaryna çenli dünýäniň iň uly kölleriniň sanawynda dördünji ýerde durýardy. 1960-njy ýylda Aral deňziniň uzynlygy 484 km, ini 282 km, meýdany 66 müň km2, iň çuň ýeri bolsa 69 metre ýetýärdi. Göwrümi 1064 km3-e, duzlulygy 10-11 g/l-e barabardy. Onda balyklaryň 20 görnüşi bolup, her ýylda 25-40 müň tonna balyk tutulýardy. 1960-njy ýylda öňki SSSR hökümetiniň karary bilen Aral basseýnine degişli ýerleri özleşdirmek meselesi orta atyldy.

 

 

Merkezi Aziýa sebitinde täze ýerler özleşdirilip başlandy. Türkmenistanda Garagum derýasynyň zolagy, Özbegistanda Garşy sähralygy, Gazagystanda bolsa Gyzylgum massiwi uly möçberde ekerançylyk ýerlerine öwrüldi. Aral deňzine guýýan Amyderýadan we Syrderýadan şonça-da köp suw alyndy. 1961-nji ýyldan başlap, ol derýalaryň Arala guýýan suwy azalyp başlady. Netije-de, deňziň meýdany, göwrümi, duzlulygy üýtgedi. Deňiz suw hojalygy we ulag ýoly hökmünde öňki ähmiýetini doly ýitirdi. Ol, 1989-njy ýylda iki bölege – Uly we Kiçi Arala bölündi hem-de onuň kenarlary kä ýerlerde 100-150 km-e çenli yza çekildi. Bu bolsa, sebitde klimat ýagdaýynyň üýtgemegi, atmosferanyň hapalanmagy, ekoulgamlaryň bozulmagy we käbir görnüşleriň sebitiň biodürliliginden ýitip gitmegi, topragyň güýçli depginde şorlaşmagy, çölleşmek, oba hojalyk ýerleriniň hasyllylygynyň peselmegi, ilatyň saglyk hal-ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ýaly onlarça ekologik meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi.

 

 

Guwanç Babaniýazow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekoligiýa hünäriniň
3-nji ýyl talyby.