Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Alabaý wepasy
  18.02.2020
617
Alabaý wepasy

     Ata-babalarymyzyň bize ýadygär goýan janly mirasynyň biride türkmen alabaýydyr. Wepaly alabaýlaryň at-owazasy gadym heňňamlaryň ýaňlarynda eşidilýär. Türkmen halkynyň milli gymmatlygyna öwrülen bu akylly jandar geçmişde ata-babalarymyzyň mukaddes toprak üçin eden söweşleriniň baş gahrymany, Watan goran gerçekleriň söweş ýoldaşlary bolupdyrlar. Ine häzirki wagtynda hem Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen türkmen alabaýynyň şan-şöhraty has-da artýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jöwher paýhasynda syzylyp çykan “Türkmen alabaýy” atly täze kitabyny türkmen halkyna sowgat bermeginiň özi hem, munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ajaýyp kitabynda alabaýlaryň batyrlygy, merdanalygy, duýgurlygy, eýesine wepalylygy rowaýatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Türkmen alabaýlary baradaky rowaýatlary okanymda meniň ýadyma gulluk etýän serhet galamda, serhet tabşyrygynda meniň gullukdaş ýoldaşymyň, başyndan geçen bir waka ýadyma düşdi. Bize serhedi goramakda alnyp barylýan gullugy türkmen alabaýlary bilen bilelikde gurnamaly diýen tabşyryk geldi, hem-de her harby gullukça bir sany türkmen alabaý iti berkidildi. Serhet tabşyrygyna alabaý itiň bilen gitmek diýseň oňatdy. Ýöne bu habar bizi begendirsede meniň gullukdaş ýoldaşym bolan Akmuhammediň lapyny keç edipdi. Çünki Akmuhammet itleri halamaýardy, onuň sebäbini bolsa ol hiç kime aýtmaýardy. Men onuň ýakyn dostydym, hem-de her gezek maýyny tapyp şol bir soragymy bererdim, emma onuň syry syrlygyna galardy. Özüniň näme üçin itleri halamaýanlygyny maňada aýtmazdy. Ýöne näme, buýruk-buýruk bolýar. Ol özüne berkidilen alabaý itini iýdedip onuň bilen serhet tabşyrygyna gitmäge başlady. Gyş günleriniň birinde şeýle bir waka boldy. Akmuhammet serhet galanyň sag ganatyna “Dazor” serhet tabşyrygyna gidipdi. Howa ümürlidi, iki ädim öňüni zordan saýgaryp boljakdy. Akmuhammet özüne berkidilen alabaý iti Basar bilen bilelikde bellenen ýerine ýöräp barýardy. Birdenkä iti bir zatlar biynjalyksyzlandyrdy. Basar ýodanyň dag tarapyna ýüzüni tutup hamala söweşe taýynlyk görýän gerçek mysaly aýaklaryna daýanyp, aşak ýapyryldy. Birdenem zarp bilen öňe okduryldy. Akmuhammediň elinden Basaryň boýun bagy sypyp gitdi. Akmuhammet özüne berkidilen iti gaçandyr öýdüp düşündi, hem-de zeýrenmäge başlady. Birdenkä eýmenç çykan möjegiň sesi onuň bedeninde saňňyldy döretdi. Ol bar güýji bilen tabşyrygyň kiçisine yza çekilmegi buýuryp, gygyryp başlady. Basar eýesiniň özüni söýmeýänligine garamazdan, säginmän möjek sürüsine garşy söweşe girdi. Türkmen alabaýynyň ganynda bolan batyrlyk, merdanalyk, ýanbermezlik has hem eýesine wepalylyk ýaly häsiýetleriniň bardygyny subut etdi. Gyşyň aýazly sowugynda Basar aç möjekler bilen söweşip olardan üstün çykdy. Ýeňiş gazandy. Emma gurt-gurtlygyny etýär. Basar agyr ýaralandy. Şol pursatdan soň Akmuhammet özüniň ýalňyşanlygyna düşündi. Özüni howpdan halas eden alabaý itine şeýle bir ysnyşdy welin hatda Basar bilen tabşyryga gidende oňa boýun bagy zerur hem bolmady. Howa Basar şol söweşden soň gutuldy. Akmuhammediň şol gizlin syryny ahyr-soňy bildik. Ol entek çagajykka goňşularynyň kiçijik gürjisi ony kowalap gorkuzypdyr, şol gorkanlygam ýigitde itlere bolan ýigrenji döredipdir. Gorkak diýerler öýdübem hiç kime hiç zat aýtman gezipdir.

    Howa türkmen alabaýlarymyzyň edermenligi, batyrlygy döwlet serhedimiziň goragynda hem giňden peýdalanylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem, biz watan goragçylary üçin ähli babatda nusgalyk mekdebi bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz serhetçilere döredip berýän mümkinçiliklerine jogap edip, dost-doganlyk serhetlerimiziň ygtybarly goragynda türkmen alabaýlarymyz bilen bile, sak durup gulluk ederis.

 

Bu gün eziz Arkadagymyz bilen,

Goşunymyz kuwwatlanýar siz bilen,

Geçip deňiz-derýa sähra-düz bilen,

Ýanymyzda alabaýlarymyz bilen,

Eziz Watanmyzyň başlanýan ýerin,

Sak durup gorarys araçäklerin.