Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Akbugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebi bäsleşikde öňe saýlandy
  04.10.2023
1364
Akbugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebi bäsleşikde öňe saýlandy

Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymlary "Golden bookmark" kitap okamak bäsleşiginde işjeňlik bilen öňe saýlandy. Mekdebiň mugallymlary Ogulnabat Hojaşowa, Şirin Agaýewa, Aýgül Meretgulyýewa höweslendiriji baýraga mynasyp boldular, Bägül Allamyradowa bolsa birinji orun eýeledi we naýbaşy baýraga eýe boldy.

Mekdebiň müdiri Amangözel Orazmyradowanyň gürrüň bermegine görä bu mekdebiň okuwçylary döwlet olimpiadalarynda we halkara internet olimpiadalarynda hem ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu mekdep 2012-nji ýylyň 4-nji aprelde açylyp ulanylmaga berildi. Bir wagtda 600 orunlyk mekdepde, dürli salkynlardan 2000-den gowrak okuwçy bilim alýar. Akbugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebi takyk we iňlis dili derslerine ýöriteleşdirilen. Şeýle-de bu mekdebiň uçurymlarynyň ýokary okuw mekdeplerine girmek boýunça hem ýokary görkezijilere eýedir.

Kitapsöýüjiler bäsleşigi Ahal welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, TMÝG MG-niň Maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti, hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilekde guramaçylygynda alnyp baryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaplaryndan  mugallymlar üçin gollanma bölümlerinden, şeýle-de “Dünýä edebibaty” žurnalynda çykan mugallymlar üçin peýdaly saýalama daşary ýurt eserlerinden geçirilen “Golden bookmark” atly kitap okamak bäsleşiginde jemi 9 sany mugallym baýrakly orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere "Gujurly bilim merkezi" hojalyk jemgyýeti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar berildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaş nesli giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky yzygiderli berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirildi.

Şeýle-de okaň:
Akbugdaý etrabynda mugallymlaryň arasynda kitap okamak bäsleşigi geçirildi