logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Agrosenagat menejmenti
  05.12.2023
672
Agrosenagat menejmenti

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi oba hojalyk senagat toplumynyň kärhanalaryndan ylmy-tehniki ilerlemäniň, hojalygy ýöretmäniň we önümçiligi dolandyrmagyň netijeli görnüșleriniň ornașdyrylmagy esasynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaklygy talap edýär. Menejment hem jemgyýetiň durmuș-ykdysady ösüșiniň häzirki zaman ugurlarynda barha mese-mälim orunlara eýe bolýar. Häzirki döwrüň dolandyryș pikirleriniň ösüși, onuň esasy düșünjeleriniň, düzüminiň, dolandyryș nazaryýetiniň täzeçe, öňkä görä ýokary hilli kabul edilýändikleri bilen häsiýetlendirilýär.

 


Menejer – köp hünärleriň oňat hillerini özünde jemleýän hünärmendir. Ol ykdysadyýetde, durmușda, psihologiýada we hukuk gatnașyklarynda ýokary derejeli bilimleriň eýesidir. Häzirki döwrüň menejeri kompýuterlerden erkin peýdalanyp, onuň kömegi bilen gerek maglumatlaryny alyp, dolandyryș meseleleriniň göwnejaý çözgütlerini tapýar.  Ykdysadyýetdäki özgertmeler, bazar gatnașyklarynyň ýüze çykmagy ýurdumyzyň ykdysady bilim ulgamyna täze-menejment bilimini getirdi. Menejmentiň esasy-dolandyryș çözüwleri. Mukdar usullary bolsa, ykdysady ýagdaýy hasaba almak bilen, iň amatly çözüwleri tapmagy amala așyrýar.Ýöne agrosenagat menejmenti öwrenilende günbatar menejmentine köre-körlik bilen ynanmak gerek däldir. Beýle etmeklik agyr ykdysady ýa-da durmuș ýagdaýlaryna getirip biler. Sebäbi her ýeriň özüne görä eýeçilik görnüșleri, bazar gatnașyklarynyň ösüș derejeleri hünärmenleriň taýýarlygy bardyr.

 

 

Șeýle hem menejmentiň dașary ýurtdaky iň öňdebaryjy tejribeleri diňe bir oňa öýkünmän, öz tejribelerine seljerme bermekde hem peýdalydyr. Menejmentiň esasy görnüși strategiki menejment bolup, ol öz içine strategiki meýilnamalașdyrmakdan ybarat bolan strategiki çözüwleri alýar. 

 

Güljan MIRIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.