logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Interesting /Adam aňynyň kemala gelmegi
  28.10.2023
1550
Adam aňynyň kemala gelmegi

Adamyñ añy onuñ zähmet çekmegi netijesinde döredi we ösdi. Hut öndürijilikli zähmetiñ özi adamyny döretdi. Emma welin zähmet kollektiwden daşarda jemgyýetden daşarda mümkin däldir. Şoña görä-de zähmet adamlaryñ arasynda baglanyşyk we aragatnaşyk bolmasa, ýagny dil bolmasa mümkin däldir. Dil hem edil añ ýaly jemgyýetde adamlaryñ zähmet çekmeginiñ baryşynda ýüze çykýar we ösýär „ Dil hem edil añ ýaly gadymydyr, dil praktiki añ, beýleki adamlar üçinde ýaşaýan we diñe şonlukda meniñ özüm üçinde hakyky añ bolup durýar, añyñ bolşy ýaly, dil hem diñe beýleki adamlar bilen aragatnaşyk etmek isleginden, ol aragatnaşygyñ derwaýys zerurlygyndan emele gelýär“.

 


Edil adamlaryñ zähmet işi bolmasa jemgyýetiñ ýaşap bilmejekdigi ýaly, zähmetiñ hem jemgyýetden daşarda dowam edip bilmejekdigini anyklamak bilen birlikde marksizmiñ düýbini tutujylar adamyñ fiziki we akyl ukuplarynyñ kämilleşmeginde, onuñ beýnisiniñ ösmeginde zähmetiñ we diliñ oýnan roluny hem barladylar. F.Engels özüniñ „ Maýmynyñ adama öwrülmek prosesinde zähmetiñ roly“ diýen eserinde şu faktorlaryñ täsiri astynda adamyñ beýnisiniñ nähili üýtgändigini görkezdi: „Ilkibaşda zähmet, soñra bolsa şonuñ bilen birlikde aýyl saýyl seslere bölünen gepleýiş iki sany iñ esasy stimul bolup, bularyñ täsiri astynda maýmynyñ beýnisi kem-kemden adam beýnisine öwrülipdir, adamyñ beýnisi maýmynyñ beýnisine gaty meñzeş hem bolsa ulylygy we kämilligi taýyndan maýmynyñ beýnisinden kän artykdyr“, adamyñ beýnisi maýmynyñ beýnisinden diñe nerw öýjükleriniñ mukdary bilen tapawutlanman, eýsem esasan hakykatyñ düşünjelerde, degşirmelerde we pikir ýöretmelerde jemlenen şöhlelenmesini bermäge ukuplylygy bilen tapawutlanýar.

 


Aň we dil.

 


Eýýam aýdylyp geçilşi ýaly gepleýiş dil pikiriñ materiýallaýyn añlatmasydyr. Söz pikiri belleýär, ony suratlandyrýar. Pikiri añlatmagyñ söz formasy arkaly adamlar özalky nesilleriñ tejribesini we bilimlerini saklaýarlar hem-de olary mundan beýläk-de hakykaty özgertmekde üstünlikli peýdalanýarlar. Añyñ döredijilikli roly adamyñ diñe bir tebigaty däl, eýsem jemgyýeti özgertmeginde ýüze çykýar. Jemgyýetçilik durmuşyny we ozaly bilende jemgyýetde dowam edýän ykdysady gatnaşyklary şöhlelendirmek bilen birlikde adamlaryñ añy jemgyýetiñ durmuşyna işeññir täsir edýär. Sosial özgerişleriñ wagty ýeten isleglerini agladýan öñdebaryjy ideallar jemgyýetçilik ösüşine aýratyn uly täsir edýärler. Şonda progressiw ideallar jemgyýetiñ ösüşinde döredijilikli roly öz-özlerinde oýnaman, eýsem haçanda taryhy bir hakyky döredijiler bolan köpçiligiñ añyna ornaşan wagtlarynda oýnaýarlar. Öñdebaryjy ideýalar köpçiligiñ añyna ýornaşmak bilen, jemgyýetiñ ösüşini ewolusiýonlaşdyryjy we tizleşdiriji kuwwatly maddy güýje öwrülýärler.

 


Älemjahan AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekoligiýa hünäriniň
3-nji ýyl talyby.