logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Zenanlar — gözelligiň dünýäsi
  07.03.2024
586
Zenanlar — gözelligiň dünýäsi

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, al-elwan gülleriň ysy baharyň bagtyýarlygyny buşlaýar. Tebigatyň janlanyp, dünýäniň gözellige beslenýän günlerinde 8-nji mart baýramynyň — Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi zenanlara goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşanydyr. 

 

Zenan — Zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasy. Ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenandyr. Zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşy gözelleşdirýär. Her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşginine beslenmeginde zenanyň mynasyp paýy bar. Ene, zenan ýaşaýşyň nagşydyr.

 

Magtymguly atamyzyň «Al-ýaşyl bürenip çykar perisi» diýip waspyny ýetirýän gelin-gyzlarymyz bu günki gün Garaşsyz Diýarymyzda milli toý-baýramlarymyzyň bezegi. Bahar paslynyň ilkinji aýynda Halkara zenanlar günüdir Milli bahar baýramynyň bellenilip geçilmegi bizi milli baýlyklarymyzyň goýnuna aralaşdyrýar, olary öwrenmäge, ýaýmaga höwes döredýär. Çünki milli baýlyklarymyzyň saldamly bölegini döredýänem, ýöredýänem, baýlaşdyrýanam zenanlar.

 

Özleri hakynda edilýän aladalary kalby bilen duýup, maşgala mukaddesligini goramakda, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillere öwretmekde, her bir ugurda gazanylýan üstünliklere goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýän gelin-gyzlarymyzy, mähriban enelerimizi ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

Ogulgerek NURMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.