logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi
  27.05.2023
1367
«Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

- Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.
 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde taýýarlanan «AŞGABAT» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi. Bu geçirilen çärede çagalar üçin konsert aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden we multfilimlerinden sorag-jogaplar boldy. Konsertde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň  4-nji Çagalar sungat mekdebiniň «Saýrak bilbiller» hor topary, şol mekdebiň okuwçylary Näzli Pirkuliýewa, Allaberdi Nowruzow, Nurmuhammet Dinmämmedow, Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň taýýarlan sahna oýunlary hem-de konserwatoriýanyň estrada aýdymçylary çykyş edip çagalaraymyza öz baýramçylyk sowgatlaryny etdiler. Soraglara jogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Konsertiň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Orazdaýanç Babaýewiň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly Serdara şöhrat» diýen aýdym bilen jemlendi. Goý biziň asuda ýurdymyzda her bir çagajyklarymyzyň nurana ýüzleri, şadyýan gülküleri mydama dünýä ýaň salsyn. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen konsertiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.  

 

Tirkiş AMANNAZAROW,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen  milli konserwatoriýasynyň
kiçi ylmy işgäri.