Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Zehinli ýaşlaryň 75-sine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy
  16.11.2022
2091
Zehinli ýaşlaryň 75-sine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. 

Ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň, döredijilik toparlarynyň agzalarynyň, žurnalistleriň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleriniň 75-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri boldular. Olara şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýaşlary sylaglamak dabarasynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni hem-de ýaşlary sylaglamak dabarasy mynasybetli göçme sergi guraldy. 

2022-nji ýylda yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri:

- Hudaýberdiýew Ýaran Hudaýberdiýewiç, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby; 
- Akmammedowa Merjen Nurýagdyýewna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby; 
- Myratmuhammedow Begmyrat Atamyradowiç, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Tekäýew Şatlyk Döwletgeldiýewiç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Sylapow Sylap Şatlykowiç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň pediatriýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Guldurdyýewa Gülzada Hojageldiýewna, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň öwreniji mugallymy;
- Amannazarow Döwletmyrat Allalyýewiç, Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy; 
- Söýünowa Aýjemal Abdygylyjowna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby; 
- Ahmedow Söýenç Aýnazarowiç, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Hojadurdyýew Hojadurdy Hojaberdiýewiç, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Öwezdurdyýewa Gülnar, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Reýimow Daýanç Garlybaýewiç, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň mugallymy; 
- Myradow Ýusup Hanmyradowiç, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy; 
- Wekilowa Çemen Güýçmyradowna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji; 
- Nuryýewa Hansoltan Annahanowna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Atajykowa Aýlar Allaşowna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby; 
- Halykowa Sona Kasymowna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Öwezow Aşirgeldi Orazmamet ogly, Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Baýramow Begli Serdargeldiýewiç, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby; 
- Kadyrowa Uzukjemal Çaryýewna, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Gylyjowa Şirin Jumageldiýewna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy; 
- Babaýewa Ýazgül Serdarowna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň filosofiýa we sosiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy; 
- Ahunowa Gülşat Ýagşygeldiýewna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň  4-nji ýyl talyby; 
- Mämmedow Ýolaman Mämmetnazar ogly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Hakberdiýew Kerimberdi Nurberdiýewiç, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Allaberdiýew Çary Orazmyradowiç, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Arslanow Bekgi Arslanowiç, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Berdimyradowa Umyda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; 
- Ataýew Mekan Parahatowiç, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymy; 
- Jumaniýazow Mülkaman Işangulyýewiç, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby; 
- Allanazarow Allanazar Orazmyradowiç, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby; 
- Gurbanmämmedow Ýusup Amanmämmedowiç, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Joýtyýew Sanjar Maksatmyradowiç, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby; 
- Gurdow Muhammet Agaýusupowiç, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy; 
- Halmyradow Kerwenmyrat Goçmyradowiç, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 4-nji ýyl talyby; 
- Ýazberdiýew Süleýman Meretmuhammedowiç, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy; 
- Kurbanow Şatlyk Joramyradowiç, Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby; 
- Taganow Soltanmyrat Halmyradowiç, Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby gullukçysy; 
- Çaryýarow Kakajan Hojagurbanowiç, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy; 
- Sazakow Didar Gurbanmuhammedowiç, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy; 
- Salyhow Şageldi Begmyradowiç, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gullukçysy; 
- Annabaýew Baýmyrat Serdarberdiýewiç, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1002-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçy; 
- Gylyjow Şöhrat Sahygulyýewiç, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy; 
- Nursähedowa Aýbölek Meredgeldiýewna, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň birinji bölüminiň uly prokurory; 
- Şamuradowa Mähri Agamyradowna, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, III derejeli ýurist; 
- Orazhummiýew Toýly Nurmämmedowiç, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby; 
- Abbasowa Maede Rüstemaliýewna, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy; 
- Ýagşyýew Medet Merdanowiç, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy; 
- Rejepowa Aýjeren Ýazlyýewna, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň şowhun toparynyň III derejeli gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy; 
- Pälwanow Owazgeldi, «Türkmengaz» döwlet konseriniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti; 
- Kuljikowa Täzegül Haldurdyýewna, «Bereketli toprak» gazetiniň bölüm redaktory; 
- Rahymowa Aýgül Batyrowna, «Türkmenistan» gazetiniň öz habarçysy; 
- Maşadow Maşad Ymamgulyýewiç, Ahal welaýatynyň  Ak bugdaý etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy; 
- Jumakulyýewa Ogulnar Bäşimowna, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany; 
- Çaryberdiýewa Kümüş Saparmyradowna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy; 
- Ilmämmedowa Ýazjemal Saparmämmedowna, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň pars dili mugallymy; 
- Mededowa Aýtäç Ahmetberdiýewna, Balkan welaýatynyň Etrek etrap çagalar sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti mugallymy; 
- Annagulyýewa Näzgül Baýramberdiýewna, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Balkan welaýat teleradio studiýasynyň III derejeli gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy; 
- Geldiýewa Mahym Sapargeldiýewna, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Ussaýew Baýmuhammet Gowşutmuhammedowiç, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkan welaýat Balkanabat şäher bölüminiň ulgamy meýilleşdirmek we ösdürmek bölümçesiniň başlygy; 
- Murzaýewa Bossan Arazmuratowna, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy; 
- Begenjowa Aýbölek, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy; 
- Sapardurdyýewa Laçyn, Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň döwlet inspektory; 
- Myradowa Ogulgerek Amandurdyýewna, Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby; 
- Begmyradowa Oguljennet Begmyradowna, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy; 
- Saparmedowa Mähri Jumageldiýewna, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy; 
- Hudaýberdiýew Maksat Sapargeldiýewiç, Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy; 
- Haýdarowa Ruhiýa Hemrakulyýewna, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy; 
- Koldaşowa Parahat Azizjanowna, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy; 
- Ruslanowa Selbi Ruslanowna, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy; 
- Şamuhammedowa Akjagül Täçmyrat gyzy, Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli usulçysy; 
- Döwletow Gurt Orazowiç, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň kompýuter-tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; 
- Gullyýew Döwran Aganazarowiç, Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň pasportçysy; 
- Nazarlyýewa Aýgül Hemraýewna, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan hususy telekeçi; 
- Serdarowa Selbi Serdarowna, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy.