Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Yz çalmagyň inçe syrlary
  04.03.2023
1071
Yz çalmagyň inçe syrlary

Ýodalary yzlap, ýola ýetmegi nesillere pent edip ýaşaýan halkymyzyň arasynda yzçylyk sungaty aýratyn orny tutupdyr. Türkmen dessanlarynda we ertekilerinde bir kişiniň aýak yzyny yzarlap, onuň ýoldan haçan geçendigini, näme iýip-içendigini bilýän adamlaryň ugurtapyjylygy beýan edilýär. «Görogly» şadessanyndaky: «Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly!» diýlen setirler türkmeniň yzçylyk sungatynyň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýanlygyna güwä geçýär.

Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» eseri esasynda surata düşürilen çeper film tomaşaçylara hödürlenilenden soň, köpler yzçynyň keşbini döreden Akmyrat Bäşimowyň hakyky adyny tutman, oňa «yzçy» diýip ýüzlenipdirler. Sebäbi belli artist bu keşbi döretmek üçin olaryň hereketlerini, özlerini alyp baryşlaryny içgin öwrenipdir.

Il arasynda üşükliligi, ezber synçylygy, ýatkeşligi bilen haýran galdyrýan adamlar az bolmandyr. Şeýle ukyp yzçylara berlipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly kitabynda Ýazly yzçy baradaky rowaýatlaryň dilden düşmeýändigi ýatlanylýar. Obadaşlary Ýazlynyň yzçylyk üşügini synap görmek isleýärler. Olar ölen bir düýäniň dört paşmagyny alyp, dört-bäş kişi bolup, tomursagy aýaklaryna baglap, düýe ýöreýşini edip, ýatakdan çöle tarap ýöräp ugraýarlar. Soňra çöpe-çalama urup, yzy ýitirýärler. Yz çaldyrjak bolsaň, yzça ertir çaýyny içmänkä ýüz tutmaly eken. Bir gün ir säher bilen «düýe ýitdi» diýlip habar gelensoň, Ýazly yzçy ýeňil geýnip, eline bir kündük suw alyp, ýitigiň gözlegine çykýar. Ol düýe ýatagyndan yz çalyp, uzak bolmadyk gumuň eteginde saklanýar. Aýak yzlarynyň biriniň başynda oturyp, ony üns berip synlaýar.

Yzçy düýäniň aýak yzynyň üstüne suw guýup, onuň ölenine bir ýyl bolanlygyny aýdýar we sebäbini düşündirýär. Onuň aýtmagyna görä, täze basylan yzdan şöhle syçrap, aýak yzyň eýesiniň ysy gelmeli eken. Ol bu yzlarda şöhläniň ýoklugyny, paşmagyň gabarasynyň üç ýaşar erkegiňkä meňzeşdigini, agramynyň bolsa süýtden aýrylmadyk köşegiňkiden agyr däldigini aýdýar. Yzçylaryň aýtmaklaryna görä, täze basylan yza suw çalt siňmeýär eken. Ýazly yzçy şol wakadan soň, öz obasynda yz çalmagy bes edipdir. Ýöne başga obalardan özüne ýüz tutanlaryň hiç haçan raýyny gaýtarmandyr.

Nobatguly Rejepowyň «Dünýä haçan namart boldy?» atly eserinde yzçylygyň Şahym tilkiniň keşbiniň üsti bilen yzçylaryň inçe taraplary ussatlyk bilen beýan edilýär. Öňden barýanyň ýolda ýakan odunyň külüni, sazaga daňan mata bölegini yzçy nazarlary ýalňyşman okap bilýär.

Halkymyzyň arasynda ýaşap geçen tejribeli yzçylar aýak yzyna görä, adamyň boýunyň uzynlygyny, göwresini kesgitläp bilipdirler. Has tejribeli yzçylar bir gören yzyny berk ýatlarynda saklapdyrlar. Bir gezek obada biriniň goýny ýitýär. Üşükli yzçynyň yzarlan yzy derýanyň kenarynda ýitipdir. Aradan alty aý geçenden soň, toýda göreş tutan pälwanyň dabanyny gören yzçy, onuň etmişini degerli deliller bilen subut edipdir. Sypara ýeri galmadyk goýun ogrusy eden işini boýnuna alypdyr we eýelerine goýnuň bahasyny töläpdir. Sebäbi aýak yzy arkaly şol kişiniň dabany yzçynyň göz öňüne gelýär eken.

Bir gezek ýaş şahyr Nowruz Güýjow yzçylyk barada şeýle gürrüň berdi:

— Men Bäherden etrabyndan çopan Sähetgeldi Saparowyň yz çalşyny gözüm bilen gördüm. Çopanyň aýtmagyna görä, öýde saklanylýan düýe malynyň yzy ýylmanagrak bolýar. Aýak yzyna barmagyňy dürtseň, çukur galsa, şol köne yzdyr. Eger-de barmagyňy düýäniň aýak yzyna dürtseň, guma gömülse, ol sähel wagt mundan öň geçen düýäniň yzy bolýar. Arassa arwana düýäniň yzy tegelekligi bilen tapawutlanýar. Guba düýeleriň aýak yzlary beýleki düýeleriň yzyndan kiçiräk, çaklaňrakdyr. Tohumçylyk üçin köpeldilýän düýeleriň öňki aýak yzlary ulurak bolýar, olar aýagynyň gyrasyny basybrak alýar. Arwananyň yzy tegelek bolsa, guba düýäniň yzyndan ýasy dabanlydygyny bilip bolýar. Süýt üçin saklanylýan düýeler yzky aýagynyň gyralaryny berkräk basýar. Gumlularyň arasynda köşegiň aýak yzyndan onuň enesini tanap bilýän ökde yzçylar hem bolupdyr.

Tejribeli yzçylar haýwanlaryň aýagynyň yzyna seredip, onuň nähili ýagdaýdadygyny kesgitlemegi başarypdyrlar. Mirasgär Nurnazar Jumanazarowyň «Miras» radioýaýlymynda beren gürrüňinde hem bu barada söz açylýar. Bir gezek obalaryň birinde hamyr ýugurmakçy bolan gelinleriň biri çykaryp goýan ýüzügini tapmaýar. Adamlarda ýüzük ogurlanandyr diýen pikir döreýär. Şonda parasatly öý eýesi adamlara howlugyp netije çykarmazlygy maslahat berip, agtyklaryna obanyň meşhur yzçysyny getirmegi buýurýar. Wakanyň bolan ýerine gelen yzçy ýüzügiň goýlan ýerini synlap, öýüň daşyndan birki gezek aýlanýar we oglanlara öýüň golaýyndaky syçanyň hinini usul bilen gazmagy haýyş edýär. Dogrudan-da, tylla ýüzük syçanyň hininde eken. Şonda yzçy syçanyň yzlaryndan onuň hininden ýüksüz çykyp, hinine ýükli gelendigini aňypdyr.

Çagalaryň aýak yzyna seredip, onuň kimiň çagasydygyny anyklap bilýän ökde yzçylar hem bolupdyr.

Yzçylar özlerine yz çaldyrmak üçin ýüz tutanlaryň niýet-päli düzüw bolmasa, yz yzarlamagy boýun almandyrlar. Ýöne ýagşy niýetli kişiniň başyna bir iş düşende, yzçylyk ukyby bilen olara kömek edip, alkyş alypdyrlar.

Türkmen yzçylary diňe bir üýtgeşik ukyp-başarnygyň eýesi bolmak bilen çäklenmän, lebzihalallygyň, ynsaplylygyň, belent adamkärçiligiň nusgasy hökmünde hakydalarda orun tutýarlar. 

 

Mahym ROZYÝEWA.