logo

Latest news:
✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦ ✦ Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilikli sergi geçirildi ✦
Home / Politics /Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry
  07.01.2026
362
Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry

Türkmenistanyň döwletçilik ýörelgelerinde her ýyly aýratyn many-mazmun bilen atlandyrmak asylly däp hökmünde dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu şygar ýurdumyzyň ösüş ýolundaky täze tapgyryny alamatlandyryp, halkymyzyň milli buýsanjyny we geljege bolan ynamyny özünde jemleýär.

 

Şygaryň esasy many-mazmunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi we hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmegi möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň binýady bolup durýar. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň dünýäde durnuklylygyň we parahatçylygyň tarapdary hökmünde abraýyny has-da berkitýär.

 

Şygarda aýratyn nygtalýan bedew batly at türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan milli nyşandyr. Ol gaýratyň, erkinligiň, öňe okgunlylygyň hem-de beýik maksatlara ýetmegiň alamaty hökmünde halkymyzyň ruhy dünýäsinde aýratyn orun tutýar. Bedew at häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady, medeni we ruhy ösüşleriniň sazlaşygyny hem-de täze üstünliklere bolan ymtylyşy şöhlelendirýär.

 

2026-njy ýylyň şygary diňe bir manyly at däl, eýsem, ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň, täze taslamalaryň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň ruhy binýadydyr. Ol jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň, medeni-köpçülikleýin dabaralaryň hem-de zähmet üstünlikleriniň mazmunyny baýlaşdyrar.

 

Şu şygar astynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli gymmatlyklary gorap saklamaga, döredijilikli we zähmetsöýer jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilen işler has-da işjeňleşdiriler. 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş ýolunda täze üstünliklere beslenen, taryhy ähmiýetli ýyl hökmünde ýatda galar.

 

Nazaket HASANOWA,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň
8-nji orta mekdebiniň iňlis dili
mugallymy.