logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Science and Education /Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen olimpiadanyň I tapgyrynyň netijeleri belli boldy
  11.04.2024
1768
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen olimpiadanyň I tapgyrynyň netijeleri belli boldy

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili dersleri boýunça olimpiada geçirildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli institutyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde gurnalan bu bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdeplerinden 500-e golaý mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

 

“Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!”  diýlip atlandyrylan bu olimpiadanyň I tapgyrynyň jemleri boýunça Aşgabat şäherinden 81, Ahal welaýatyndan 24, Lebap welaýatyndan 32, Daşoguz welaýatyndan 26, Mary welaýatyndan 42, Balkan welaýatyndan 32 okuwçy bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Bäsleşigiň II tapgyry 22-nji aprelde geçiriler.  

 

Bäsleşik barada has takyk maglumatlary şeýle-de olimpiadanyň I tapgyrynyň doly netijelerini institutyň resmi web saýtyndan gyzyklanyp bilersiňiz.

 

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.