logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Agriculture /Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär
  08.05.2025
790
Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär

Ýüpekçilik müňýyllyklaryň dowamynda oba hojalygynyň aýratyn bir ugry hökmünde kemala gelip, dünýäniň dürli künjeklerinde ykdysady we medeni ösüşde möhüm orun eýeläpdir. Türkmen halkynyň hem ýüpekçilik bilen meşgullanmakda gadymy taryhy tejribesi bar. Bu hünär diňe bir ykdysady taýdan peýdaly bolman, eýsem, milli senetçiligiň hem möhüm bölegi bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde ýüpek gurçugyny ýetişdirmek we ýokary hilli pile öndürmek işleri ýurdumyzyň oba hojalyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilýär.


Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny almak ugrunda ýüpekçi kärendeçilerimiz yhlas bilen zähmet çekýärler. Ýaz paslynyň bu gyzgalaňly döwründe pile möwsümine girişen daýhanlar ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk ideg etmek bilen ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýärler.


Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde 184 tonna pile hasylyny döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde şu möwsümde 196 guty ýaş gurçukdan 7 müň 160 kilogram ýokary hilli pile taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu sepgide ýetmekde ýüpekçileriň tutanýerli we ýadawsyz zähmeti möhüm orun eýeleýär.


Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýüpekçileri hem biri-biri bilen bäsleşip, netijeliligi artdyrmak ugrunda zähmet çekýärler. Bäsleşigiň netijesinde olar ilkinji bolup ýurdumyzda 85 tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.


Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda hem pile öndürijilik depginli alnyp barylýar. Bu ýerde 1 müň 314 guty gurçuk tohumyndan 48 müň kilogramdan gowrak ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Möwsümiň başyndan bäri ýüpek gurçuklaryna degişli idegiň edilmegi netijesinde bu meýilnamanyň üstünlikli amala aşyryljakdygyna uly ynam bar.


Umuman, ýurdumyzda ýüpekçilikde gazanylýan bu üstünlikler diňe bir oba hojalyk pudagynyň ösýändigini görkezmän, eýsem, halkymyzyň zähmetsöýerliginiň hem nusgalyk subutnamasydyr. Şeýle guwandyryjy ösüşler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga hem uly goşant goşýar.

Oguljan Amanguliýewa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.