logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ýurdumyzda öndürilen pomidorlaryň eksporty 3 göterim ýokarlandy
  14.04.2024
701
Ýurdumyzda öndürilen pomidorlaryň eksporty 3 göterim ýokarlandy

Häzirki wagtda döwletimizde eksport harytlarynyň görnüşini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtlara çykarylýan türkmen harytlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Eksport harytlarynyň aglaba bölegini bolsa, oba hojalyk önümleri düzýär. Esasan hem, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidora bolan isleg artýar. Türkmen pomidorlaryny esasy import ediji döwletler Russiýa Federasiýasy, Gazagystan we Gyrgyzystan Respublikalarydyr.


 

Üstümizdäki ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3% ýokarlandy. Şu döwürde Gazagystana ugradylan pomidoryň möçberi 20% ýokarlandy.


 

Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende hem türkmen pomidorynyň eksportynyň ýyl-ýyldan artýandygy görünýär. 2023-nji ýylyň dowamynda takmynan 128 müň tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edilip, bu san 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 239% ýa-da 3,4 esse ýokarlandy. Şunda, pomidoryň eksportynyň umumy möçberiniň 57% Russiýa Federasiýasyna, 28% Gazagystana amala aşyryldy.


 

Ýagşymyrat DÖWLETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.