logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär
  06.06.2025
830
Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär

Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda musulmanlaryň mukaddes baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy giňden we dabaraly bellenilýär.

 

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutany bu baýramyň umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýandygyny we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýandygyny belläp geçdi. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlagynda şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini, şeýle-de yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri — Mekgedäki Käbe we Medinedäki Pygamber metjidi ýaly ýerlerde tagat-ybadatlaryny ýerine ýetirmekleri üçin müňlerçe raýatyň Saud Arabystanyna zyýarata ugradylandygyny nygtady.

 

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, şeýle-de halkymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, bu baýramyň ruhy bitewülik, agzybirlik we ynsanperwer maksatlary özünde jemleýändigini belledi.

 

Baýramyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýram namazy okaldy, doga-dilegler edildi we dürli derejedäki baýramçylyk çäreleri geçirildi.