logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ýurdumyza immunizasiýa sanjymlary getirildi
  26.04.2022
855
Ýurdumyza immunizasiýa sanjymlary getirildi

23-nji aprelde ýurdumyza ÝUNISEF-iň goldawy bilen ýörite uçarda adaty immunizasiýa üçin esasy sanjymlar getirildi. Belläp geçsek, bu Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde ýurtdaky ähli çagalara sanjymlary tölegsiz etmek üçin meýilleşdirilen ilkinji tabşyrykdyr.

Ýurdumyza getirilen immunizasiýa sanjymlarynyň esasyny inçekesel anyklaýyş enjamlary, şprisler we poliomielit, gyzamyk, gyzylja, inçekesel, rotawirus, difteriýa, tetanoz toksidleri we üsgülewige garşy serişdeler düzýär.