logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Dünýäde /ÝUNESKO «Manas» eposynyň ilkinji golýazmasyny adamzadyň umumy mirasy diýip yglan etdi
  10.06.2023
1817
ÝUNESKO «Manas» eposynyň ilkinji golýazmasyny adamzadyň umumy mirasy diýip yglan etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO - Gyrgyz milli eposynyň ilkinji golýazmasyny adamzadyň umumy mirasy diýip yglan etdi.

9-njy iýunda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow resmi sapar bilen ýurda gelen ÝUNESKO-nyň baş müdiri Audrey Azoulaýy myhman aldy.

Audrey Azoulaý Gyrgyzystanyň Prezidentine manasçy Saginbaý Orozbakowyň ýazan golýazmasynyň maddy däl miras sanawyna goşulandygy baradaky şahadatnamany gowşurdy.

Gyrgyz halkynyň ideologiýasy we ensiklopediýasy bolan Manas eposy ilkinji gezek 1867-nji ýylda Gyrgyzystanyň Yssyk Köl sebitinde doglan Saginbaý Orozbakow tarapyndan ýazyldy. Taryhda Manas eposyny ýazan ilkinji manasçy hökmünde Saginbaý Orozbakowyň ýazan teksti hasaba alyndy.

Manas eposynda Türk taýpalarynyň arasynda agzybirligiň we raýdaşlygyň ähmiýeti nygtalýar. Eposda Gyrgyz milletiniň däp-dessurlary, ynançlary, ýaşaýyş durmuşy, geografiýa, döwlet gurmak däbi, maddy we ruhy gymmatlyklary barada jikme-jik maglumat berilýär.

Manas, iň uly epos hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna hem girdi. Manas eposyny beýleki eposlardan tapawutlandyrýan aýratynlygy eposyň henizem janly bolmagydyr. Gyrgyzystanda Manas eposyny dilden-dile, nesilden-nesle geçirýän adamlara «manasçy» diýilýär. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.