Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşikde 107 ýeňiji sylaglandy ✦ ✦ “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň uçurymlary diplom işleri bilen tanyşdyrydy ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda diplom goraglary dabaraly geçirildi ✦ ✦ Däp bolan gatnaşyklar pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ylym tükenmeýän hazynadyr ✦ ✦ Şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy ✦ ✦ Beýik akyldaryň medeni mirasynyň hukuk taýdan öwrenilişi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ysmanagyň adam saglygyna peýdasy
  30.08.2023
698
Ysmanagyň adam saglygyna peýdasy

Dogry iýmitlenmegiň kadalaryna eýerýänleriň ysmanaga aýratyn isleg bilen garamaklary ýöne ýere däl. Bu peýdaly ot datly tagamy we witaminlere baý düzümi bilen dünýä aşhanasynda arzyly orna eýedir. Ol çigligine-de, bişirilibem iýilýär.

 


Taryhy maglumatlara görä, ysmanak ilkibaşda Eýranda ösdürilip ýetişdirilipdir. Ýewropa ýurtlarynda ol XIII asyrda peýda bolupdyr. Günbatar ýurtlarynyň aşhanasynda ysmanagyň arzyly hörek bolmagyna «Deňizçi Papaý» multfilminiň täsiri uludyr. ABŞ-nyň Tehas ştatynda ysmanagyň peýdasyna üns çeken bu gahrymanyň hormatyna ýadygärlik hem bar. Multfilmde Papaýyň ysmanagy iýip egsilmez güýje eýe bolmagy ulaltma bolsa-da, bu belli bir derejede, hakykatdan daş hem däl. Bu gök ot peýdaly witaminlere örän baýdyr. Ir wagtlar suratkeşler ysmanagyň ýapragyny owradyp, ony ýaşyl reňk almak üçin hem peýdalanypdyrlar.

 


Ysmanak ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar. Ganazlygyň öňüni alýar. Ondaky kalsiý süňkleri berkidýär. Kaliý bedeniňi gurplandyryp, iýmit alyş-çalşygyny sazlaýar.

 


B witamini nerw ulgamynyň işini sazlaýar. Ondaky sink, magniý agşamky ukyňy kadaly almagyňa ýardam edýär. A, C witaminleri saçyň düşmesiniň öňüni alýar. Ysmanak bedeniň derisi üçin hem peýdaly. Ondan taýýarlanan ýapgy ýüzüňdäki menekleri, sowuklamany, ýaglylygy aýryp, derini owadan, sagdyn, ýaş görkezýär. A witamini görejiň sagdynlygyny üpjün edip, ýaşyň geçmegi bilen howp salýan göz keselleriniň döremeginiň öňüni alýar.

 

Ysmanak artykmaç agrama garşy göreşmekde-de maslahat berilýär. Ýokumly otuň ter ýapraklarynyň 90 göterimi suwdan ybarat. Ol iýlende uzak wagtlap dokluk duýgusyny döredýär.

 


Geçirilen barlaglar ysmanagyň gartaşan adamlarda duş gelýän huşsuzlykda, ünssüzlikde hem peýdalydygyny ýüze çykardy. Müňe golaý garry adamlar bilen bäş ýyllap geçirilen synagda günde ysmanagyň 2-3 ýapragyny iýenleriň huşy 11 ýaş özünden kiçileriňki bilen deň netije görkezdi.

 


Ysmanagy gereginden artyk iýmek böwregiň üçin zyýanly. Ol köp mukdarda iýlende böwrekde daş emele gelme howpy döreýär.

 


Häzir dünýäde ysmanagy iň köp öndürýän we peýdalanýan ýurt (dünýä boýunça 80 göterim) Hytaýdyr.

 


Türkmen halkynda hem ysmanak iň bir arzyly hörekleriň biridir. Ondan taýýarlanýan börek, tamdyrda bişirilen gutap datlylygy bilen tapawutlanýar. Ysmanakly börekdir gutaby süzme, gatyk bilen iýmegiň lezzeti bir başga. Uzak wagtlap agzyňdan tagamy gitmez. «Ýaz göksüz bolmaz, gyş — aksyz» diýen dana pederlerimiz ysmanak, narpyz, reýhan ýaly otlaryň dermanlyk hem iýmitlik gymmatyna üns çekipdirler.