logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Society /Ýol howpsuzlygy – jemgyýetiň we şahsyýetiň jogapkärçiligi
  06.09.2025
229
Ýol howpsuzlygy – jemgyýetiň we şahsyýetiň jogapkärçiligi

Sentýabr aýynyň başlanmagy bilen, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumy işe başlady. Bu çäreler ilkinji gezek 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlupdy. Häzirki wagtda bolsa Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilip, jemgyýetde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

 

Biraýlygyň dowamynda ýol hereketi düzgünlerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýörite sapaklar geçirilip, çagalaryň ýol hereketi babatyndaky düşünjesi ýokarlandyrylýar. Şeýle hem dürli ministrliklerde we edaralarda okuw maslahatlary guralýar. Bu çäreler ýaş nesli ýol hereketine jogapkärçilikli gatnaşmaga höweslendirmäge gönükdirilýär.

 

Ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen amaly çäreler hem geçirilýär. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, şol sanda welosipedli patrullar hemişelik nobatçylyk edýärler. Bu çäreler ýol ýagdaýlaryna tiz we netijeli täsir etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de mekdepleriň golaýynda ýol hereketine berk gözegçilik edilýär.

 

Paýtagtymyzda halkara ülňülere laýyk gelýän ýol infrastrukturasynyň ösdürilmegi dowam edýär. Giň ýollar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, köprüler – bular ulaglaryň we pyýadalaryň hereketini sazlaşykly etmekde uly rol oýnaýar. Şeýle-de halkalaýyn ýol-çatyklaryň gurluşygy dykynlaryň öňüni almak üçin möhüm çäreleriň biri hökmünde görülýär.

 

Arkadag şäherinde ýol ulgamyna täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylypdyr. Köçeler häzirki zaman yşyklandyryş ulgamlary, wideo gözegçilik we akylly hereket dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Akylly ulag ulgamy (ITS) ýol hereketiniň sazlaşygyny üpjün edip, jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketini ýeňilleşdirýär.

 

Bu biraýlyk çäreler 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Emma ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe döwlet edaralarynyň işi bolman, her bir raýatyň şahsy jogapkärçiligini hem talap edýär.

 

 

Aýgül GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.