Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklar geçirilýär
  06.09.2023
984
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklar geçirilýär

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 4-nji çagalar bagynda, Kaka etrabyndaky 16-njy orta mekdebinde, Kaka etrap bilim bölüminde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.

 

Gökdepe etrabyndaky 4-nji çagalar bagynda geçirilen wagyz-nesihat häsiýetli  duşuşyga uly ýaşly toparlarda terbiýelenýän körpeler gatnaşdy.

 

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň meýilnamasy esasynda guralan duşuşygyň esasy maksady ýaş nesli köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekden ybarat boldy. Onda  köçe-ýol hereketine degişli şertli belgiler bilen bezelen ýerde körpelere ýoldan geçmegiň düzgünleri barada täsirli gürrüň berildi. Köçe-ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary barada aýdylanlar körpelerde uly täsirleri galdyrdy.

 

«Ýolyşyk — biziň dostumyz»  atly wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda körpeler ýol belgileriniň aňladýan manylaryny beýan edýän goşgulary labyzly okadylar. Bu bolsa duşuşygyň täsirliligini artdyrdy.

 

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde Kaka etrabyndaky 16-njy orta mekdepde geçirilen duşuşygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. 

 

Bu duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekiliniň çykyşy has-da täsirli boldy. Ol okuwçy ýaşlara ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynda bolýan heläkçilikleriň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça geçirilýän işleriň ähmiýeti barada aýdyp, ýol hereketiniň howpsuzlygy, degişli düzgün-kadalary berjaý etmek bilen bagly degerli maslahatlaryny berdi.

 

Kaka etrap bilim  bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap bilim bölüminde geçirilen duşuşyga ýokary synp okuwçy ýaşlar hem gatnaşdy. Bu duşuşykda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»  atly biraýlyk mynasybetli bilim edaralarynda geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmagyň ýollary hakda gürrüň edildi.