Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, döwrebap ulag infrastrukturalaryny döretmek babatda ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Şunda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly aýratyn ähmiýete eýedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilmegi hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoldur köpri gurmak ýaly asylly işleriň dowamat dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerinde ýörite gurnalan mejlisler jaýyna bardy we çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda hemmeleri mähirli mübärekläp, Garaşsyz ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şu gün bolsa Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylýandygyny belledi hem-de hemmeleri bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi. Bu ýoluň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylda, Tejen — Mary bölegi bolsa 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ählumumy ulag ulgamyna goşulyşmagy bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmekde-de uly ähmiýete eýedir.
Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu ýoluň Aşgabat — Tejen, Tejen — Mary aralygyndaky iki tapgyry ulanmaga berildi. Bu gün bolsa bu ýokary tizlikli ýoluň gurluşygy doly tamamlandy. Döwrebap ýoluň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Halkara derejeli bu awtomobil ýoly 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, torlardan, ýoluň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň, köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.
Täze ýoluň geçýän ugrunda ýolagçylar, sürüjiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýoluň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän köp sanly köprüler, suw geçirijiler, ýörite geçelgeler, ýangyç guýujy beketler bina edildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş, gözegçilik we dolandyryş ulgamlary göz öňünde tutuldy.
Dabaranyň dowamynda görkezilen wideoşekil arkaly ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy hakynda giňişleýin maglumat berildi. Soňra dabara gatnaşýan abraýly halkara düzümleriň wekillerine söz berildi.
Bu ýerde ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy mynasybetli toý sadakasy hem berildi.
Umuman, ýol-ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegi milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmagyň aýrylmaz düzüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ýurdumyzda içerki we halkara ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilmegi ugrunda tutumly başlangyçlaryň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Döwran ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.