logo

Latest news:
✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦ ✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦
Home / Health /Ylgamak ýatkeşlige nähili täsir edýär?
  17.06.2022
1911
Ylgamak ýatkeşlige nähili täsir edýär?

ABŞ-nyň Brigama Ýanga uniwersitetiniň alymlary ylgamagyň ýatkeşligi ösdürmäge nähili täsir edýändigini anykladylar. Ol habar Neuroscience žurnalynda çap edildi. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylgamak beýniniň ýatkeşlige jogap berýän bölümi - gippokampa stresleriň edýän zyýanly täsirini peseldýär. Iki neýronyň arasyndaky sinaptiki geçirijiligiň güýçlenmegi bilen maglumatlar ýokary derejede ýatda saklanýar. Bu proses uzak wagtlaýyn potensiasiýa diýip atlandyrylýar. Şeýle-de gaýtalanýan we dowamly stresler sinaptiki geçirijiligi gowşatmak bilen, ýatkeşlige ters täsir edýär. Alymlar ylgamak bilen ýatkeşligiň arabaglanyşygyny görkezmek üçin, syçanlarda synag geçirdiler. Gemrijilere stresli gurşawy döretdiler. Netijede tigirde ylgaýan syçanlaryň uzak wagtlaýyn potensiasiýa görkezijisi synagyň dowamynda hereketsiz galanlaryň görkezijisinden ýokary boldy. Mundan başga-da, labirinti geçmek boýunça ýatkeşligi barlamak üçin geçirilýän synagda tigirde ylgan syçanlar az ýalňyşlyklary goýberdiler. Synagyň netijesi ylgamak bilen ýatkeşligi güýçlendirmek mümkindigini subut etdi.

Babamyrat NURJYKOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby