logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Economics /Ykdysadyýetiň ösmegi üçin öňde goýlan maksatlar öz netijesini berýär
  02.10.2023
1194
Ykdysadyýetiň ösmegi üçin öňde goýlan maksatlar öz netijesini berýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň barha ösmegine goşant goşýan her bir pudagyň diwarlyklaryna seredenimizde ähli pudaklarda beýik sepgitlere ýetilendigini görmek bolýar. Oba hojalyk pudagynda ýurdumyzyň bazarlaryndaky azyk bolçulygynyň döredilmegi, ekologiýa syýasatynda, şäher gurluşygynda, şeýle hem nebitgaz toplumynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we geljekki ösüş maksatnamalarynyň düzülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli önümlerimiziň daşarky bazarlara eksport edilmegi, dokma toplumynda täze tehnologiýalryň işe ornaşdyrylmagy, ýangyç energetika pudagynda bolsa çykarylýan nebitiň we gazyň eksportynyň artmagy ykdysadyýetimiziň barha ösýändigine şaýatlyk edýär. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagy innowasion ösüşiň täze basgançaklaryna gadam basýar. 2018-2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda nebitgaz toplumyna 159,9 millard manat maýa goýumlary gönükdiriler.

 

 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň barha ösýändigini nazara alyp şu ýylda ýagny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,5 % ýa-da 206,4 milliard manat möçberinde bolar diýip çaklanylýar. Bölek satuw haryt dolanşygy 135,9 milliard manat, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna bolsa daşary söwda dolanşygy 19,4 milliard bolmagyna garaşylýar.

 

 

Şu ýyl barha ösýän hususyýetçilik pudagy hem ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrdy. Mart aýynda geçirilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýubileý forumynda türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri aýdyň şöhlelendi.

 

 

Elektroenegetika pudagynda hem ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup geçdi. Ýagny, Mary welaýatyndaky Energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça döwrebap okuw binasy, ýapyk görnüşi sport desgalary, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda energetika pudagynda anyk işleri durmuşa geçiriljekdiginiň şaýadydyr.

 

 

Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň görkezijileri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetirilýän maksatnamalaryň netijeliligini tassyklaýar.
 

Zubeýda ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň Diller
kafedrasynyň mugallymy.