logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /Ykballara nur çaýan waka
  08.09.2023
1370
Ykballara nur çaýan waka

Mälim bolşy ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda eziz Watanymyz Türkmenistanda bereketli, altyn güýzüň ilkinji günlerinde Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy, täze okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny hem-de bilim ulgamynyň işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň öz miwesini berýändigini belledi.

 

Dogrudan-da Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Munuň özi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünliklerine guwanmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy şatlykly wakadyr. Bularyň ählisi bu ulgamda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy maksadynyň bilime ählumumy elýeterliligi üpjün etmekden, ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz ukyplaryndan we zehininden doly derejede peýdalanyp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdygyna şaýatlyk edýär.

 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, bagtyýar talyplar, mekdep okuwçylary gatnaşdy. Hormatly Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda eziz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan işler, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler, halkymyzyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklarymyz, ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle-de Mähriban Arkadagymyz “Dowam bolsun!” atly goşgusyndan:

 

Asman-Zemin arasy
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat!

 

— diýen bendi okap, bu setirleriň Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky arzuwlarydygyny nygtap geçdi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly ornunyň bardygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz ýaşlar syýasatynyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2025-nji ýyla çenli döwlet maksatnamasy esasynda taryhymyzy, medeniýetimizi hem-de däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, olara baha bermegi, gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

 

Elbetde, şeýle asylly başlangyçlar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bu geçiren umumy okuw sapagy bizi geljekde has-da yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrýar. Goý, Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri üstünliklere beslensin!
 

Akmaral ARBATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.