logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / In the world /Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi türkmen dilçisiniň aradan çykmagyna uly gynanç bildirdi
  06.08.2023
864
Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi türkmen dilçisiniň aradan çykmagyna uly gynanç bildirdi

    Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda meşhur türkmen dilçi alymy, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegowyň 73 ýaşynyň içinde  aradan çykmagyna uly gynanç bildirdi we merhumy hatyralap resmi web sahypasyna onuň terjimehaly barada maglumat ýerleşdirdi .Merhum Myratgeldi Söýegowyň terjimehaly baradaky maglumat Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň resmi web sahypasynda neşir edilen Ýusup Akgülüň galamyna degişli bolan  «Türkmen dilçi alymy, akademik Myratgeldi Söýegow aradan çykdy» diýen habarda beýan edilýär. Meşhur türkmen dilçi alymy, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegowyň aradan çykmagyna uly gynanç bildiren Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly  Ýusup Akgülüň ayb.org.tr web sahypasynda beýan edilen «Türkmen dilçi alymy, akademik Myratgeldi Söýegow aradan çykdy» diýen terjimehally habarynyň sylkasyny özüniň şahsy Facebook sahypasynda goýup, halk köpçüligi bilen paýlaşdy.  Ýazyjy Ýakup Ömeroglynyň şahsy Facebook sahypasynda paýlaşan bu habarynyň teswirinde Türkiýäniň meşhur dilçi we edebiýatçy alymlary, görnükli ýazyjy-şahyrlary türkmen dilçisi, akademik Myratgeldi Söýegowyň aradan çykmagyna uly gynanç bildirip, «Allah rehmet eýlesin, mekany jennet bolsun» diýen sözlerini ýazypdyrlar.