logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /ÝATKEŞLIGI NÄDIP ÖSDÜRMELI?!
  03.11.2022
3572
ÝATKEŞLIGI NÄDIP ÖSDÜRMELI?!

Soňky ýyllarda tehnologiýanyň kämilleşmegi, dürli görnüşli maglumat çeşmeleriniň hemişe elýeterli bolmagy beýniniň «ýalta» bolmagyna, netijede adamyň ýatkeşligine oňaýsyz täsir edip gelýär. Eger-de ýatkeşligimiziň gowy bolsa, işlerimizi aňsatlaşdyrmaga ýardam edýär. Haýsy wagt haýsy dersiň bardygyny bilmek, synaglara işjeň taýýarlyk görlende, öwrenen zadymyzyň bolsa ýadymyzda galmagy okuwda üstünlik gazanmagymyza ullakan ýardam edýär. Gündelik işimizi haçan etmelidigini bilmek gündelik durmuşda hem işimizi örän ýeňilleşdirýär. Eýsem, beýnimizi işjeň bolmagy üçin nämeler etmelikä? Bilermenler munuň üçin birnäçe gyzykly maslahatlary berýärler. Geliň, olaryň käbiri dogrusynda tanyş bolalyň!  

Dogry iýmitlenmek.
Elbetde wagtly-wagtynda, ýeterlik mukdarda iýmitlenmek saglygymyz üçin örän netijeli bolup, şeýle etmedik halatymyzda biziň saglygymyza oňaýsyz täsir edip biler. Gündelik durmuşda iýýän gök önümlerimiz saglygymyza gönüden-göni täsir edýär. Lukmanlar miwedir gök önümleriň gündelik durmuşymyzda köpräk bolmalydygyny hemişe ýatladýarlar. Mundan başga hem, marinad önümleri, balyk, kösükli dänelerden taýýarlanan naharlar we dürli reňkli iýmitleriň iýilmegi maslahat berilýär. Gazly içgiler we taýýar naharlary iýmek maslahat berilmeýär. Şu maslahatlary ýerine ýetiren halatymyzda saglygymyza peýdaly bolşy ýaly, ýatkeşligimiziň hem güýçlenmegine iterýär. 

Täze dil öwrenmek. Beýnimiziň işjeňligini artdyrmak üçin bilermenler diňe täze bir dili öwrenmegi däl, eýsem, islendik täze maglumaty öwrenmegiň hem peýdalydygyny belleýärler. Täze diliň kada kanunlary, ýat tutjak sözleriňiz beýni üçin iň gowy «maşklaryň» biri hasaplanýar. Şeýle hem häzirki wagtda dürli kompýuter programmalaryndan we elektron gollanmalardan peýdalanyp, aňsatlyk bilen dil öwrenip bilersiňiz. 

Endikleriňizi üýtgediň! Durmuşymyzda günüň dowamynda edýän işlerimizi üýtgetmek her bir iş üçin edilýän endikleri aradan aýyrmak zerur bolýar. Mysal üçin, saglakaý bolsaňyz, dişiňizi çep eliňiz bilen ýuwuň! Bu «maşklar» beýniniň her gün başga amaly ýerine ýetirmegine, netijede işjeňligini dowam etdirmegine ýardam eder. 

Saz çalyň! Aýdym-sazyň beýniniň iki tarapyny hem bir wagtda işledýän az sanly hereketden biridigini bilermenler belleýärler. Aýdym diňlemek ýatkeşlige artdyrmaga, ünslüligi güýçlendirmäge oňaýly täsir edýär. Saz guralyny çalyp bilmek bolsa, bu täsiri birnäçe esse köpeldýär. 

Hünär ediniň! Gündelik işiňiziň we okuwyňyzyň daşyndan haýsydyr bir hünär ýa-da pişe ediniň! Tikin tikmek, surat çekmek keşde gaýamak ýaly haýsydyr bir zady döretmegi öwreniň! 

Ýöräň! Açyk arassa howada gezelenç edilende adam bedeni gerekli mukdarda kislorod alyp bilýär. Bu bolsa, beýniniň öýjükleriniň arasyndaky gatnaşyklary tizleşdirýär. Şeýle hem ýöremek beýnini rahatlandyrýar. 

 

Sülgün PIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň hünärmeni.