logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /ÝAŞULY NESLIŇ ŞANYNA
  02.10.2019
1089
ÝAŞULY NESLIŇ ŞANYNA

     Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Ahal welaýatynda aýdym-sazly dabaraly maslahatlar,  duşuşyklar  we täsirli baýramçylyk çäreleri geçirildi. “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylyna özboluşly öwüşgin goşan çäreler ýurdumyzda  ýaşuly nesle aýratyn sarpa goýulýandygynyň özboluşly ýüze çykmasyna öwrüldi.

      Welaýat  merkezi Änew şäherindäki  Medeniýet öýünde geçirilen dabara egsilmez ruhubelentlik häsiýeti mahsus boldy. Bu ýerde günüň ir-säherinden welaýat derejesindäki esasy baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Ony welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady. Welaýatyň dürli ýerinden gelen dili senaly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler dabaranyň iň arzyly myhmanlary boldular.

      Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler ýaşuly nesliň wekillerini ajaýyp sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar,  ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp günlerinde bellenilýän Ýaşulularyň halkara gününiň ähmiýeti hakynda täsirliden gyzykly söhbet açdylar. Olaryň belleýşi ýaly, täze taryhy döwrümizde ýaşuly nesle aýratyn hormat-sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiz parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekdäki ornuna we hyzmatyna aýratyn uly baha berýär, şeýle-de ýaşuly nesliň bagtyýar durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda uly tagalla edýär.

   Soňra öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan, toý-baýramlarymyzyň ýaraşygy bolan paýhasly ýaşululara, mährem enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

      Dabara welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary bilen dowam etdi. Welaýatymyzyň tanymal aýdymçy-sazandalarynyň belent döredijilik ruhuna beslenen joşgunly aýdym-sazlary tans we halk döredijilik çykyşlary bilen özara sazlaşyp gitdi.

     Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli uruş weteranlary, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap  oturan eneler, tylda zähmet çekenler bilen olaryň mukaddes öý-ojaklarynda duşuşylmagy, şeýle-de olara sylag-hormatyň nyşany hökmünde toý sowgatlarynyň gowşurylmagy baýramçylyk çäreleriniň many-mazmunyny artdyrdy.