logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýaşlar - ýurduň geljegi
  12.03.2024
810
Ýaşlar - ýurduň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna döwür bilen aýakdaş gitmek üçin giň şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda hem  ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda gazanylýan ösüşlerde ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Gujurly ýaşlaryň egsilmez güýç-gaýraty ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmeleri ylmy-tehniki hem-de intellektual taýdan ösdürmäge, ylmy we innowasiýa işlerini has netijeli guramaga gönükdirilendir. Olaryň alyp barýan işleriniň döwlet tarapyndan ýokary goldaw tapmagy diýarymyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga uly şert döredýär.

 

 

Eziz Watanymyzda innowasion ykdysadyýeti amala aşyrmakda, ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýaş türkmenistanlylar dürli derejedäki hünär başarnyklaryny mäkäm ele alýarlar. Günsaýyn gülläp ösýän döwrümizde biziň ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap, geljege ynamly gadam urýar. Heniz mekdep partasyndaky kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň häzirki zaman akylly kompýuterlerini erkin dolandyryp bilmekleri hem bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Aýdyň ertiriň eýeleri bolan ýaşlar bolsa öz gezeginde alyp barýan ylmy gözlegleri bilen dünýä arenasynda öz başarnyklaryny subut edýärler.

 

 

Resul ATAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.