logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlar - Watanyň daýanjy
  13.03.2024
948
Ýaşlar - Watanyň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň, amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriň baş maksady eziz Diýarymyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle asylly çärelerde jemgyýetimiziň ýaş gatlagyna durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy özeni hökmünde garalýar. 

 

 

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz ýaşlara dürli pudaklarda döwlet derejesinde uly ynam bildirilmegi, üns-alada bilen garalmagy okuwlarymyzda, öwrenýän hünärimizde, kärimizde synmaz güýç-kuwwat berýär. Ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmekde gerekli bolan şertleriň döredilmegi hem ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda hem-de maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň kämilleşmegine, döredijilikli zähmet çekmegine, Watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.

 

 

Türkmen ýaşlary ylym-bilim bilen ýeňişli ýollary arçaýarlar. Olara bu ugurda zerur bolan ähli mümkinçilikler elýeterli. Döwrüň gadyr-gymmatyna oňat düşünýän ýaşlaryň maksady bolsa eziz Watany barha gülletmekden gözbaş alýar.

 

 

Aýmyrat JUMAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.