logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar
  26.04.2024
768
Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halky üçin täze taryhy eýýam. Ösüşli menzilleriň rowana ýolundan şanly geljegine ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler ilki bilen ýaş nesliň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň özi ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini aýdyň subut edýär. Ýurduň geljegi bolan ýaşlary aýratyn alada bilen gurşamak, olara iň gowy zatlaryny bagyş etmek merdana halkymyzyň gadymdan bäri dowam edip gelýän döwletli ýörelgeleriniň biridir. Bu ajaýyp ýörelge häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen guwandyrjy sözleri bu buýsançly hakykatyň subutnamasy bolup çykyş edýär.

 

Döwrüň talaplaryna eýerýän, ylymly-bilimli, hünärli, kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bu bolsa döwlet derejesinde edilýän uly aladalaryň oňyn miweleridir. Halkymyzyň köpasyrlyk baý durmuş tejribesine eýermek bilen ýaş nesilleriň ruhy-ahlak, medeni hem-de aň-bilim, beden taýdan ösüşinde nusgalyk terbiýäniň, döwrebap bilimiň berilmegi, munuň üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlardyr.

 

Çynar ORAZMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.