Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasaty ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýär. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýurdumyzyň ýagty ertiri bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär, ýaşlar syýasatyna milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde garalýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty hem ýaş nesilleriň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine, sagdyn beden hem sagdyn ruhy taýdan ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, kämil ylym almagyna, hünär öwrenmegine itergi berýän has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, merdana halkymyzyň ruhy-ahlak hem medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek, bilim goruny artdyrmaklyga höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ulgamda döwlet syýasaty ýurdumyzdaky ýaş raýatlaryň bähbitlerini ileri tutýan iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gurama ýurdumyzda beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, zehinli, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barmak bilen ýaşlaryň ukyplaryny, ylmyny, bilimini, dünýägaraýşyny eziz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň şanly şygary hem biz – guramanyň agzybir işgärlerini diýseň buýsandyrýar. Çünki geljekki ýurt eýeleri bolan ýaşlara uly ynamyň bildirilýändigini şanly ýylymyzyň şygary hem dolulygyna äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmeklige, olaryň şahsy başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny goldamaklyga, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny hem höweslendirmek wezipelerine uly üns berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň baş maksady ösen aň-düşünjeli, kämil tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Şeýle-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek babatda hem uly işler ýola goýulýar. Ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar.
Dünýäniň häzirki zaman şertlerinde ýaşlar syýasaty ata ýurdumyzyň oňyn ösüşini üpjün etmek bilen birlikde, geljekde halkara gatnaşyklaryň hem batly ösüşini kesgitleýän möhüm ugur bolup çykyş edýär. Netijede bolsa, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler bilen Türkmenistan Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edilýär, bu bolsa bagtyýar raýatlarymyzyň, bagtly nesillerimiziň buýsançly kalplaryny gün kimin çoýýar.
Sabyrgeldi BEGOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher
geňeşiniň başlygy.