Täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy alan ildeşlerimiziň kalbynda buýsanç bar. Çünki 2023-nji ýylymyz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen her birimiziň ýüregimizde buýsanç döredýär. Bu buýsanç ýaşlaryň kalbynda has-da ýokarydyr. Ýaşlarymyz röwşen geljegimiz bolmak bilen, şu günki beýik ösüşlerimize goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem bu ýylda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmäge bolan höwesleri has-da ýokary bolar, olar döredijilikli ýollarda üstünlik gazanarlar.
Ýaşlar hakynda alada etmek, olaryň ylymly-bilimli bolmagy ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur şu günümizi, röwşen geljegimizi nazarlap, ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlar ruhubelentlik bilen üstünlik gazanýarlar, ylym-bilimde, sportda öz başarnyklaryny görkezýärler. Munuň özi olaryň kämilligini, ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň oňyn netije berýändigini aýdyň beýan edýär.
Bu günki günde bagtyýar ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli alnyp barylýar. Şunda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.