logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlar bilen öňe barýar Diýarym!
  18.01.2024
620
Ýaşlar bilen öňe barýar Diýarym!

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny elimize alyp, ýüzümize sylan günümizden bäri bu kitap biziň üçin kämil ýol-ýörelge çelgisi, edep-terbiýe mekdebi bolup, ýankitabymyza öwrüldi. Kitabyň her bir jümlesinde Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolup ýetişmegiň beýik göreldesi eriş-argaç bolup geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji eseri ýaşlar baradaky jaýdar pikir-garaýyşlara gaplanyp, olary bilim öwrenmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. 

 

 

Dana pederlerimiziň kitaba goýan belent sarpasy häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürde ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde esas bolup hyzmat edýär. Milli mirasymyza hormat goýýan, ata-baba ýol-ýörelgelerine ygrarly, watansöýüji ýaşlar eziz diýarymyzyň buýsanjydyr.

 

 

Biz ýaşlara egsilmez ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Hormatly Prezidentimiziň dury paýhasyndan dörän ilkinji nusaglyk kitabynyň höwri köp bolsun!

 

 

Gudrat ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.