Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaş nesil barada alada - nurana geljege badalga
  08.09.2023
509
Ýaş nesil barada alada - nurana geljege badalga

Türkmenistan ýurdumyzda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan ýaş nesil baradaky uly alada ata Watanymyzyň nurana geljegi baradaky möhüm aladadyr. Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli möhüm wezipeler öňde goýulýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň barha okgunly ösmegine, halkara giňişlikdäki at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okaýarlar hem öwrenýärler.

 

Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, ene-ata we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek döwletimizde alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň her birinde körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas babatda hemmetaraplaýyn ösmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

 

Olaryň döredijilik zehinlerini ösdürmek, beden saglygyny berkitmek üçin sport-oýun meýdançalary, sport toplumlary, dynç alyş merkezleri yzygider gurulýar. Gurulýan täze mekdeplerde ýaş nesliň okuw sapaklary geçmek, terbiýeçilik işi, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri geçirmek, okuwçylaryň boş wagtyny netijeli guramak üçin ähli mümkinçilikler bar. Okuw binalarynda amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň we ýagty otaglar, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin lingafon otaglary, okuw dersleri üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar ýaş nesliň sagdyn ruhda kemala gelmegine esas döredýär.

 


Häzirki wagtda tutuş dünýä ylmyndaky ýetilen derejeler, iň täze tehnikalar, kämil tehnologiýalar we soňky tejribeler ýurdumyzyň bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Eziz ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň binýadynda täzeçil tehnologiýalara esaslanýan bütewi bir ulgam döredildi. Munuň şeýledigine ýurdumyzda gazanylan innowasion ösüş ýoly ähli pudaklaryň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, ylmy-tehniki ösüşiň ilerlemegine şert döredýär. Türkmenistan ýurdumyzyň ylmy-tehniki, intellektual kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine bilimi hem ylmy ösdürmek, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, uzak geljegi nazarlaýan özgertmeleri ylmy esasda durmuşa geçirmek oňyn häsiýete eýe bolýar. Durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary boýunça bilim bermeklik işi maksadalaýyk ýola goýulýar. Munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna we okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine, ylmyň bu ulgamlaryndan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek, degişli ylmy-barlaglary geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýär.
 

Haýitjan KAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
öwreniji mugallymy.