logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / In the world /Ýaponiýa 2024-nji ýyldan başlap deňziň düýbünden seýrek elementleri çykarar
  26.12.2022
1038
Ýaponiýa 2024-nji ýyldan başlap deňziň düýbünden seýrek elementleri çykarar

«Nikkie Asia»-nyň habar bermegine görä, Ýaponiýa geljek ýyldan başlap, 6 müň metr çuňlukda duş gelýän toprakdaky seýrek duşýan metallary we elementleri gazyp almak üçin gerek bolan tehnologiýalary ösdürmegiň üstünde işlär.

Ýakynda Ýaponiýada yglan edilen Milli howpsuzlyk strategiýasyna görä, bu başlangyç Ýaponiýanyň daşary ýurtlardan seýrek metal zerurlyklarynyň import edilmegini azaldyp, ýarymgeçirijileriň ösüş-önümçilik bazalarynyň öňe gitmegine mümkinçilik döreder we garaşlylygy peselder.

Ýapon parlamenti bu taslama býudjetden 6 milliard ýen (44 million dollar) bölünip berlendigini tassyklady. Bu serişde täze enjamlary satyn almaga, bar bolanlary abatlamaga we synag işlerini geçirmäge şeýle-de gurluşyk-gurnama işlerine sarp ediler.

Beýleki tarapdan, hünärmenler dünýäniň iň çalt deňiz akymlarynyň biri hökmünde tanalýan «kuroshio» ýa-da başgaça Ýapon deňiz akymynyň kyn ýagdaýlara getirip biljekdigini we möhüm tehnologiki päsgelçilikleriň bardygyny duýdurdylar.

Ýapon Hökümeti şu ýyl güýje giren Ykdysady howpsuzlygy ösdüriş Kanunyna laýyklykda, toprakda 11 sany möhüm seýrek duşýan metallaryň we elementleriň kesgitlenendigini mälim etdi.  

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.