logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Watanyň buýsanjy, halkyň guwanjy
  15.02.2023
1127
Watanyň buýsanjy, halkyň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde biziň – bilim işgärleriniň Arkadagly Serdarymyzyň bu belent ynamyny ödemegimiz üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemek hem örän ýakymlydyr.

Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda ýaşlar hakynda bimöçber aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Halypa-şägirtlik ýolunyň has-da rowaçlanmagy babatda durmuşa geçirilýän işleriň hem häzirki wagtda giň gerime eýe bolýandygy buýsandyryjydyr.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden, Arkadagly Serdarymyzyň pederlerden dowam bolup gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp ýöredýän hem-de ösdürýän döwründe, ýaşlaryň bagtyýar şu güni we geljegi ugrunda yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlaryň bilimli, ylymly, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň öňe ilerlemeginde, Watanymyzyň kuwwatynyň beýgelmeginde ýaşlara bildiren ynamyny ödemek üçin ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde täzeçe çemeleşmeleri, netijeli usullary öz iş tejribämize ornaşdyrmagy dowam etdireris. Bize bu ugurda goldaw-hemaýatlaryny gaýgyrmaýan, her bir işde bize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Rahym RAHMANGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.