logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Watan gahrymanlary – edermenligiň nusgasy
  10.05.2023
1211
Watan gahrymanlary – edermenligiň nusgasy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çar künjünde uly baýram bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Çünki Ýeňiş güni tutuş adamzadyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ýaş nesillerde watansöýüjiligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan möhüm senedir. Merdana ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygy ata Watanymyza, eziz halkymyza wepaly gulluk etmegiň nusgalyk göreldesidir, beýik mekdebidir. Watan ogullarynyň belent gahrymançylygy hiç wagt unudylmaz, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşaýarlar. Ata Watanymyzyň merdana ogullarynyň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi ýeňiş gazanmak ugrunda uly ähmiýete eýe boldy. Munuň özi häzirki ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen zenanlary uruş ýyllarynda goranmak gaznasyna gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, hakyky watansöýüjiligini, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydyklaryny görkezdiler. Milli gahrymanlarymyzyň edermenligi, olaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplarda ebedileşdirildi. Ýurdumyzda uruş weteranlaryna durmuş taýdan goldawlar hem berilýär. Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleriň ebedi ýadygärligi halk hatyrasynyň mukaddes ýeridir.  Hormatly Prezidentimiz uruş we zähmet weteranlaryny, kümüş saçly enelerimizi sarpalamak babatda uly işleri edýär. Çünki Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş hiç wagt unudylmajak taryhy wakadyr. Türkmenistan ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwletdir. Biz muňa doly derejede buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Eziz Watanymyzyň mukaddesliklerine sarpa goýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, okamak, öwrenmek, döretmek hem gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur! 

 

Didar SAPARLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.