logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  29.05.2023
812
Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezinde Tejen etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda  Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň  ýanyndaky Ýaşulylar geňeşiniň ikinji mejlisinden gelip çykýan wezipeleri  halk köpçüligine  düşündirmek  maksady bilen  wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler  hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz ýurdumyzda gazanylýan her bir üstünlik, her bir zähmet ýeňşi bizi diýseň guwandyrýandygy, buýsandyrýandygy, şeýle hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 22-nji maýynda geçirilen Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Gurbanguly Berimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulylar geňeşiniň ikinji mejlisiniň işiniň uly üstünliklere beslenendigi dogrusynda belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
  
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň işgäri.