Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦ ✦ "Dalaşgär-2025" interaktiw platforma işe girizildi ✦ ✦ Zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi ✦ ✦ Dalaşgärler üçin açyk we sanly maglumat portaly işe girizildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Wagyz- nesihat çäreleri geçirilýär
  25.03.2025
790
Wagyz- nesihat çäreleri geçirilýär

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Tejen etrabynyň Ylym we bilim işgärleriniň, Tejen etrap bölümüniň, polisiýa müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasy geňeşiniň guramagynda Tejen etrabynyň 42-nji orta mekdebiniň mekdep okuwçy oglan-gyzlaryň arasynda mejlisler zalynda „Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş“ atly şygary astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

 

Ýaşlar biziň geljegimiz, guwanjymyz, ýagny size bildirilýän ynamy ödemäge çalşyň. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine, ylymyna, bilimine ýaşaýşyna saglygyny goramaga edýän irginsiz aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda we dünýäde sagdyn jemgyýeti berkarar etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda alynyp barýan nusgalyk işler dogrusynda durup geçdiler. Ýokardaky agzalýan meseleleri her birimiz zyýanly endiklerden daşda durmaga çalyşmaly, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine we nesil terbiýesine zyýan edýän ýaramaz endikleriň we ýaramaz serişdeleriň garşysyna göreşmegiň, bu ugurda nogsanlyklaryň ýüze çykmazlyklaryny​ gazanmagyň zerurdygyny bellediler.

 

Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly, Gahryman Serdarymyza il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç almagyny, janynyň sag, belent başynyň hemişe dik bolmagyny arzuw etdiler.

 

Hakberdi Sapardurdyýew,

Ylym we bilim işgärleriniň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap Geňeşiniň hünärmeni.