logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Uşuçy ýetginjeklerimiz Makaoda geçen Aziýa çempionatynyň medallaryna eýe boldular
  26.08.2023
973
Uşuçy ýetginjeklerimiz Makaoda geçen Aziýa çempionatynyň medallaryna eýe boldular

Türkmenistanyň uşu boýunça ýygyndy topary Makaoda geçen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda uly üstünlik gazandy. Türgenlerimiz çempionatyň medallarynyň üçüsini eýelediler.


    
56 kilograma çenli agram derejesindäki dartgynly göreşlerde çykyş eden Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Gudrat Öwezgeldiýew ýygyndy toparymyza ýaryşyň ilkinji medalyny getirdi. 

 

Türkmen türgeni Makaodan, Eýrandan we Gazagystandan bolan türgenleriň arasynda ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezdi we hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.