logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ussat bagşynyň sarpasy
  16.11.2021
690
Ussat bagşynyň sarpasy

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli saz-söhbetli dabara geçirildi. Etrap medeniýet bölümi tarapyndan guralan dabara ussat bagşynyň şägirtleri we sungat işgärleri gatnaşdy.

Dabarada türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösüşine saldamly goşant goşan ussat bagşynyň ömri we döredijiligi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Bagşynyň özboluşly ýoly, şirin owazy, ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň aýratynlygy barada aýratyn durlup geçildi.

Dabaranyň dowamynda  Öwezgeldi Tekäýewiň ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy. Onuň şägirtleri tarapyndan ýerine ýetirilen joşgunly, milli äheňli çykyşlar gyzgyn garşylandy.

         Dabara gatnaşyjylar ata Watanymyzyň medeniýetini, sungatyny beýgelden, ylaýta-da milli aýdym-saz sungatynda  yz galdyran  görnükli şahsyýetleriň sarpasyny belentde göterendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.