logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Turpiň dermanlyk ähmiýeti
  17.10.2023
1774
Turpiň dermanlyk ähmiýeti

Gyş paslynyň ýakynlaşmagy bilen iýýän iýmitlerimiziň görnüşleri hem üýtgeýär. Gyş paslynda kesellere garşy göreşmek üçin bedenimiz kaloriýasy güýçli gök önümleri talap edýär. Şeýle önümleriň biri hem adaty turpdir.

 

 

Adaty turp - latynça (Raphanus sativus) – kelemler maşgalasyna degişli, iki ýyllyk otjumak ösümlik. Tomus iýmek üçin turp ir ýaz aýlary 10-20 martda ekilýär. Güýz, gyş ulanmak üçin 10-15 iýunda ekmek maslahat berilýär. Gyş aýlary iýmek üçin turp 20 awgustda ekilýär. Güýz, gyş aýlary ösdürilip ýetişdirilen turp güýçli ösen kökleri topragyň 30-45 sm çuňlugyna çenli aralaşyp bilýärler.

 

 

Turp esasan sowuklama garşy peýdalydyr. Onuň suwuny bir gezek sykyp alyp, günüň dowamynda bir gezek kabul etmek dem alyş ýollaryny, üsgülewigi bejermekde örän ähmiýetlidir. Tagamynyň ýaramazlygyna seretmezden ony kabul etmek dem alyş ýollaryndan gakylygy goparmaga ýardam edýär.

 

Mundan başga-da:

 

Turpiň peýdalary:

 

Üsgülewige garşy peýdaly;

 

Bagry arassalaýar;

 

Iýmiti siňdirýär;

 

Gany azlyga garşy peýdaly;

 

Dem alyş ýollaryny arassalaýar;

 

Ganda kislarodyň baýlaşmagyna.

 

 

Turp köp wagtlardan bäri adam saglygy üçin peýdaly önüm hökmünde peýdalanypdyr. Grekler we Rimliler bu önümi böwrek we öýken kesellerini bejermekde giňden peýdalanypdyrlar. Öz düzüminde köp mukdarda kükürt maddasyny saklaýanlygy, onuň mikroblara garşy göreşmek häsiýetiniň barlygyny aýan edýär.

 

Öre ATAŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
I ýyl talyby.