logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Hindistana bardylar
  07.03.2024
531
Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Hindistana bardylar

Hindistanyň hökümeti tarapyndan geçirilýän medeni çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaşlar wekilýeti Hindistana bardy.

 

 

12-nji marta çenli dowam etjek giň gerimli medeni çäreleriň dowamynda ýaşlar wekilýeti Hindistan döwletiniň medeniýeti, taryhy, milli aýratynlyklary bilen içgin tanyşyp dürli görnüşli çarelerden lezzet alarlar.

 

 

Merkezi Aziýa ýaşlarynyň arasynda dialogy berkitmek we goldmagy maksat edinýän, bu saparyny guramak başlangyjy 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda makullanypdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersinden 20 den gowrak ýaşlar bu çärelere gatnaşmak üçin jemlendi. Türkmenistanyň Nýu-Delidäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä 100 – den gowrak ýaşlary bir ýere jemlän bu medeni çäreler eýýäm ikinji gezek guralýar.


Aziza Atamuradowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.