Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:
1. Şu ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2023-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we baýraklar bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň aspiranty Oguljemal Agamyradowna Begmyradowany (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty Berdi Rahmanberdiýewiç Berdiýewi (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy teswir we gözegçilik bölüminiň ylmy işgäri Nargül Amangeldiýewna Ataşowany (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň täze we garaşsyzlyk döwürleriniň taryhy bölüminiň ylmy işgäri Mähri Nurgeldiýewna Ataýewany (1-nji orun — kompýuter),
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Ogulnar Gurbanberdiýewna Baýsähedowany (1-nji orun — kompýuter),
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Röwşengeldi Annageldi ogly Abaýewi (1-nji orun — kompýuter),
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gylyçmyrat Balkanowiç Nurgeldiýewi (1-nji orun — kompýuter),
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Guwançmuhammet Öwlýäguly ogly Orazowy (1-nji orun — kompýuter),
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň öwreniji mugallymy Mekan Parahatowiç Ataýewi (1-nji orun — kompýuter),
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Arçmanberdi Penjimyradowiç Ýazyýewi (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Maýsa Ýazmuhammedowna Atajaýewany (1-nji orun — kompýuter),
Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymy Gurbanmyrat Batyrowiç Gurbanmyradowy (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Myrat Şowketjanowiç Gurbanowy (1-nji orun — kompýuter),
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Ogulaý Batyrowna Soltanowany (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek komitetiniň agzasy Serdar Gulmuhammedowiç Durdyýewi (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň attaşesi Muhammetberdi Baýrammuhammedowiç Kiçiýewi (1-nji orun — kompýuter),
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň syýasy-ykdysady gepleşikler bölüminiň üçünji derejeli gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Nowruz Güýjowy (1-nji orun — kompýuter),
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň burawlaýyş bölüminiň buraw erginleri laboratoriýasynyň ylmy işgäri Çynar Guwanjowna Geldiýewany (2-nji orun — telewizor),
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý we seýilbag hojalygy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülälek Akmyradowna Allakulyýewany (2-nji orun — telewizor),
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň filosofiýa we sosiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Akbibi Töregeldiýewna Ýazgeldiýewany (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülsenem Kakageldiýewna Hommadowany (2-nji orun — telewizor),
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň utgaşdyryjy mugallymy Aýna Myratgeldiýewna Çaryýewany (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň guryýer goşunlarynyň howa hüjüminden goranmak goşunlary kafedrasynyň uly mugallymy Döwran Saparmyradowiç Abdyrasulowy (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň kriminalistika kafedrasynyň mugallymy Seýitmämmet Esenmyradowiç Berdimämmedowy (2-nji orun — telewizor),
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Eziz Ataýewiç Artykowy (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy Arslan Dörtgulyýewiç Täşliýewi (2-nji orun — telewizor),
«Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi Muhammet Berdimuradowiç Bekgiýewi (2-nji orun — telewizor),
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülistan Soltanmämmedowna Guljagazowany (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy inženeri Enejan Annamyradowna Kulyýewany (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň telekeçiligi ösdürmek merkeziniň bölüm müdiri Alty Aşyrmuhammet ogly Baýramowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Emir Jumadurdyýewiç Sopyýewi (3-nji orun — telewizor),
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Kakamyrat Akmyradowiç Kakabaýewi (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy Orazmuhammet Durdyýewiç Durdyýewi (3-nji orun — telewizor),
Türkmen oba hojalyk institutynyň ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy Döwletmyrat Wepamyrat ogly Geldiýewi (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy kafedrasynyň mugallymy Rejepgeldi Agamyradowiç Nyýazowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektrik stansiýalary kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Şamyradowna Muhammedowany (3-nji orun — telewizor),
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Ybraýym Batyrowiç Ataýewi (3-nji orun — telewizor),
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Nurana Babamyradowna Hudaýberdiýewany (3-nji orun — telewizor),
Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Amanmyradowiç Arazowy (3-nji orun — telewizor),
Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Omarhan Muhammetgeldiýewiç Babageldiýewi (3-nji orun — telewizor),
Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mylaýym Şöhradowna Şyhyýewany (3-nji orun — telewizor),
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky D.Ökdirow adyndaky 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Annamuhammet Meretgeldi ogly Meredowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dilnoza Rozumbaý gyzy Mämutniýazowany (1-nji orun — kompýuter),
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Maýsa Amanmurat gyzy Amanmuradowany (1-nji orun — kompýuter),
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kuwwat Kerwenowiç Ýowbasarowy (1-nji orun — kompýuter),
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Guwanç Nurmuhammedowiç Ballyýewi (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jemşit Serdargeldiýewiç Beghanowy (2-nji orun — telewizor),
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmyrat Çarymyradowiç Gulmämmedowy (2-nji orun — telewizor),
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Muhammetoraz Şanazarowiç Babanazarowy (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Myradowiç Ataýewi (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Muhammetali Berdimyradowiç Aşyrmuhammedowy (2-nji orun — telewizor),
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mähri Myradowna Tuwakowany (2-nji orun — telewizor),
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Güljahan Annadurdyýewna Eýeberdiýewany (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksat Berdimuradowiç Babaýewi (2-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bahar Bäşimowna Bäşimowany (2-nji orun — telewizor),
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Atajan Ataguly ogly Şamyradowy (3-nji orun — telewizor),
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Resulmyrat Çarymyradowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Islambek Şakirowiç Şakulowy (3-nji orun — telewizor),
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bekgi Arslanowiç Arslanowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Arslankerim Atajanowiç Kerimowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Rozaý Muhammedowna Muhammedowany (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Güýçgeldi Hangeldiýewiç Kerimowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Begenç Amangeldiýewiç Bäşimowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kowsär Rüstemaliýewna Abbasowany (3-nji orun — telewizor),
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Şatlyk Joramyradowiç Kurbanowy (3-nji orun — telewizor),
Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mährijemal Döwletmuradowna Amanowany (3-nji orun — telewizor),
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýly Nurmadowiç Baýlyýewi (3-nji orun — telewizor).
2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen maksatlar üçin çykdajylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
3. Şu Kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.