Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ 6-njy oktýabr — Hatyra güni! ✦ ✦ «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda PERMANY
  13.06.2023
619
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda PERMANY

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Döwran Jumamyradowiç Hanowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony şol kazyýetiň prezidiumynyň düzümine girizmeli we Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Şamyrat Hožamuradowiç Gummanowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Bahargül Rahmetkulyýewna Kadyrowany Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Laçyn Saparmuhammedowna Amanjaýewany Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;

Gülşirin Astanoglyýewna Ýazhanowany Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;

Amanmuhammet Amanberdiýewiç Işangulyýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Şirin Kakajanowna Jumaýewany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Abdybaý Orazowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Döwlet Orazgulyýewiç Alowowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gurbandurdy Öräýewiç Annaýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Güljan Jorakulyýewna Babanazarowany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Geldimurad Ýoldaşowiç Rozyýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Jemşit Hesenowiç Hesenowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly. 

 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.  


Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuny.