logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
  04.06.2022
1439
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Orazgeldiýew E. hakynda 

Orazgeldiýew Esenmyrady,  işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.O. Ýazmyradow hakynda 

Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gylyjow Ç.B. hakynda 

 Gylyjow Çary Baýramowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin,  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.T.Atdaýew hakynda 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:

Ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň 
Belent Serkerdebaşysy 
Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.T.Atdaýew hakynda 

Batyr Taganowiç Atdaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Arazow B.S. hakynda 

 Arazow Begmyrat Saparowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin,  Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow 

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esenmyrat Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň üstüne ýüklenildi.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde:

guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda ýurdumyzda iýmlik mekgejöweni 20 müň gektar, soýany 2 müň gektar we iýmlik bugdaýy 40 müň gektar meýdanlarda ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak;

iýmlik mekgejöweniň, soýanyň we iýmlik bugdaýyň ekin meýdanlarynyň welaýatlar we etraplar boýunça ýerleşdirilişini, olary ösdürip ýetişdirjek kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň sanawyny kesgitlemek tabşyryldy.

Iýmlik däneleri öndürijileri Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iýmlik bugdaýyň tohumy hem-de tehniki hyzmatlar bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti suwaryş suwlary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni mineral dökünler bilen agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda zerur bolan möçberlerde we möhletlerde üpjün etmäge borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyradow Nazarmyrat Geldimyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.