Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  02.05.2023
651
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda Özbegistanyň raýatlarynyň aç-açanlyk ýagdaýynda hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen sala salşyga işjeň gatnaşmagynyň halkyň jebisliginiň, häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmelere giňden düşünýändiginiň, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Özbegistan Respublikasynyň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň ýurdy ýokary depginlerde ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we häzirki döwrüň möhüm wezipelerini netijeli çözmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine berk ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, strategik häsiýetli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

 

TDH.