logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti mübärek Gadyr gijesi mynasybetli halkymyzy gutlady!
  17.04.2023
1158
Türkmenistanyň Prezidenti mübärek Gadyr gijesi mynasybetli halkymyzy gutlady!

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!
 

Sizi ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratly şu ýylynda-da mukaddes Oraza aýynyň bu keremli gijesiniň haýyr-sahawatynyň we berekediniň milli agzybirligimizi, jebisligimizi, Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Gönezliginde watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, halallyk, adalatlylyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly ahlak gymmatlyklary berk orun alan gadymy däp-dessurlarymyz hem-de ýol-ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz külli musulman dünýäsi bilen birlikde, kalplaryň tämizlenýän Oraza aýyna hem-de Beýik Allatagala tarapyndan mukaddes Gurhany-Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine aýratyn hormat goýýar. Bu aýda, urp-adatlarymyza laýyklykda, öten-geçenlerimiz ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär, ýurdumyzdaky ähli metjitlerde tarawa namazlary okalyp, eziz Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidine ýagşy doga-dilegler edilýär.

Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň esasyny düzýän ynsanperwerlik, adalatlylyk, rehimdarlyk däplerimizden ugur alyp, Gadyr gijesiniň hormatyna, jenaýat edip, iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Munuň özi milli mertebämiz we buýsanjymyz bilen ölçenilýän gymmatlyklarymyzy dabaralandyryp, jemgyýetimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň binýadyny has-da pugtalandyrýar, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýar. 

Eziz watandaşlar! 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döretmek we gurmak ugrundaky nusgalyk başlangyçlary hem-de gymmatly döwletlilik taglymatlary Garaşsyz Watanymyzda täze ösüşleri gazanmaga, tutumly maksatlary amala aşyrmaga, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmaga ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban ýurdumyza, il-halkymyza çäksiz söýgimiz, agzybirligimiz, jebisligimiz, tutanýerli zähmetimiz bilen şanly ösüşleri gazanyp, Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys. Taryhy özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, döwletimiziň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün edýäris.

Biz gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýäniň halklary, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurýarys. Abraýly halkara guramalar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropa we Amerika yklymynyň ýurtlary bilen syýasy-ykdysady gatnaşyklarymyzy pugtalandyrýarys. Milli medeniýetimiziň, maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bu işleriň ählisi adamzadyň dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine ýardam berýär. 

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!
 

Sizi mukaddes Gurhany-Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän tagat-ybadatlaryňyz, berýän agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz Diýarymyzyň berkararlygynyň, rowaçlygynyň hatyrasyna okaýan doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 


Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.