logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
  08.02.2023
1129
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

7-nji fewralda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.